tmcell loader

"ALTYN ASYR" ÝPGJ

Aşgabat ş, Oguzhan köçesi 217

744000

Hemaýat telefony: 088
(+99312)93-02-79
(+99312)93-20-26
Image

Biz barada

TMCELL – «Altyn Asyr» kompaniýasyna degişli harytlyk nyşany we hasaba alynan harytlyk belgisi. «Аltyn Asyr» - Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

“Altyn Asyr” ÝGPJ-halkyň hyzmatynda

Gün geçdigi saýy özgerýän, ösýän, ahli ugurlarda diňe üstünlik gazanýan, gysga wagtyň içinde özüni dünýä ykrar etdirmegi başaran, bäş müňýyllyk geçmiş taryhynda alem-jahany haýran eden ata-watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda hem dünýäni haýrana goýmagy başarýar.

“Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, “Döwlet adam üçindir” diýen şyragy öňe sürdi. Halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalar edilýän ýurtda halka ösen derejede hyzmat etmeklik hem barha güýçlenýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli “Baş ugry milli maksatnamasy, Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň №6743 belgili karary esasynda 2004-nji ýylyň iýun aýynyň 4-ne “Türkmentelekom” Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniyasynyň düzümine degişli bolan “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasyny döretmeli diýip belledi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 2004-nji ýylyň iyun aýynyň 10-na №61 karary esasynda we”Türkmentelekom” Döwlet elektrik kompaniýasynyň №115 karary esasynda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy döredildi. Aragatnaşyk ministrliginiň we “Türkmentelekom” Döwlet elektrik kompaniýasynyň döreden “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy Bütindünýä assosiýasynyň öýjükli aragatnaşygyň GSM standartynyň agzasy bolup, TMCELL 43802 indeksly belgisi esasynda resmilleşdirilýär.

2005-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 2 nesline degişli bolan GSM standartynda işleýän ulgamyň göwrümi 50 000 belgiden ybarat bolan enjamlary “Siemens AG” nemes kompaniýasy Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda işe girizdi. 2005-nji ýylyň aprel aýyna Aşgabat şäherinde 1500 müşderi milli öýjükli aragatnaşyk sistemasyna birikdirildi.

2009-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 3 nesline degişli bolan UMTS standartynda işleýän ulgamyň enjamlary ilkinji bolup Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda işe girizildi.

Innowasion tehniki tehnologiýanyň wagyt saýy bilen ösmegi ähli ulgama öz täsirini ýetirýär. “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory hem Türkmenistanda ilkinji bolup 2010-nji ýylda UMTS standartynyň 3G ulgamynyň üçünji görnüşini ulanyşa girizip, şol ýylyň aprel aýynda bu ulgamyň müşderileriniň sanyny ýarym milliona ýetirýär.

2012-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 4G nesline degişli bolan LTE standartynda işleýän ulgamyň enjamlary Aşgabat şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde işe girizildi.

Icon