Täze hasabyňy doldurmagyň usuly.

14.06.2018

Täze hasabyňy doldurmagyň usuly. Tmcell Töleg.


"TMCell töleg" programmasy "Altyn Asyr"  ÝGPJ abonentleriniň hasabyny doldurmak hyzmatyny ýeňilleşdirýär.  Öz telefonuňyza “TMCell Töleg” atly programmany alyp, bank kartyňyzy programma birikdirip, hasabyňyzy tutumsyz dolduryp bilersiňiz.

Ulanyp başlamazdan öň bilmeli zatlar:


- Töleg üçin ulanylan plastik kart maglumatlary diňe öz telefonuňyzda saklanýar.
- Programmanyň üsti bilen amala aşyrylan tölegler üçin goşmaça pul alynmaýar.
- Bir tölegiň mukdary 1-500 manat aralygynda bolmalydyr.
- Programmany ulanmak tölegsiz.

Hyzmaty ulanmagy tertibi:

-Telefonuň iOS ulgamynda bolsa App Store-dan, Android ulgamynda bolsa Play market-den “Tmcell Toleg” ýazyp programmany almaly.
-Töleg üçin ulanjak “Altyn Asyr” plastik kartyňyza islendik bankomatdan SMS hyzmatyny birikdirmeli (öň birikdirilmedik bolsa)

-Programma birinji sapar gireniňde öz telefon belgiňizi ýazyp “Dowam et” basmaly

-0877 belgisinden SMS kody geler. SMS kody ýazyp “Tassykla” düwmesine basmaly.

-Programma gireniňden soň “Kartlarym” bölümine girip “Altyn Asyr” Plastik kartyňyzyň maglumatlaryny doldurmaly.

-“Hasaby doldur” bölümine girip islendik telefon belgisini we iberiljek mukdary ýazyp kartyňy saýlamaly. “Dowam et” düwmesine basmaly.

+0701 belgisinden gelen SMS kody ýazyp tölegi tassyklamaly.

-Tölegleriň netijesini "Tölegler" bölüminden barlap bilersiňiz.

-"Sazlamalar" bölüminden programmanyň dilini çalyşmak we programma kod goýmak mümkin.

Habarlar