TMCELL  eýýäm iki aýyň dowamynda SMS wiktorina arkaly öz abonentlaryna 49 sany gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

31.05.2018

Translations:

Şul aýyň iň esasy utuşyny sypdyrmaň – maý aýynyň 31-ne aksiýa gatnaşyjylar telewizor utup bilerler.

      «SMS Nesibe» wiktorina TMCELL abonentlaryny şatlandyrmagynyň ikinji aýy. Biz her gün 1 sany Blu firmasynyň smartfonyny her aý bolsa 1 sany LG firmasynyň 49-dýumlyk HD telewizoryny utmaga mümkinçilik berýäs. Wiktorina gatnaşmak üçin 5 SMS lyk ýörite SMS bukjasyny satyn almaly. Her-bir SMS bukjasy 5 sowala jogap bermäge mümkinçilik berýär-näçe köp we tiz dogry jogap berseňiz şonça her gün oýnalýan baýragy gazanmak mümkinçiligiňiz köpeler.  

       Aýyň esasy baýragy ugrundaky oýuna gatnaşmak üçin aýyň dowamynda azyndan 30 SMS bukja almaly. Nyrhnama 1 SMS-bukjanyň bahasy =1,5 manat.
 
      «SMS Nesibe» aksiýasy sentýabr aýynyň 30-na çenli dowam eder. Her aý wiktorina gatnaşyň we her gün smartfon we her aý beýleki gymmat bahaly sowgatlary utmak mümkinçiligiňizi gidirmäň. Aksiýada sowadyjy, kir ýuwujy, noutbuk we Samsung firmasnyň Galaxy S9 model smartfon we beýleki gymmat bahaly sowgatlar hem utmaga mümkinçilik gazanýarsyňyz.

       Aprel we maý aýynda «Altyn Asyr» wiktorina gatnaşyjylara 48 sany smartfon we 1 sany telewizor sowgat berdi- geçen aýyň esasy baýragy. Ýeňijileriň doly sanawyny http://win.tmcell.tm saýtynda görüp bilersiňiz.

       Baýraklaryň eýelerini gutlaýarys we täze gatnaşmaga isleg bildirýänleri çagyrýarys: *123# jaň ediň, sowallara jogap beriň we TMCELL-yň gymmat bahaly sowgatlaryny alyň.

Habarlar