Aragatnaşykda boluň!

Hyzmat: SMS-habarnama Aragatnaşykda öýjükli ulgamda

SMS-bildirişler

Aragatnaşykdaky ulanyjylar üçin gelen şahsy habarnamalar hakynda bilmäge we olara jogap bermäge mümkünçilik berýän  SMS-bildirişler hyzmaty elýeterlidir.

Nädip birikdirmeli:

1. Aragatnaşykdaky Siziň akkauntyňyza Siziň ykjam telefonyňyzyň belgisini baglaşdyrmaly.

Onuň üçin Aragatnaşykda saýtyna şu salgy boyunca giriň:  http://vk.com  öz loginiňiziň we parolyňyzyň üsti bilen, “Meniň sazlamalarym” bölümine  giriň we “Umumy” goşmaca goýlan sahypada “Siziň telefon belgiňiz” bendini tapyň.

Telefon belgisini girizeniňden soň, oňa tassyknama kody bilen SMS-habarnama geler, ony Aragatnaşykda saýtyndaky ýörite penjirä girizmek gerek.

2.  “Meniň sazlamalarym” bölüminde “Bildirişler” goşmaca goýlan sahypa geçiň we “SMS üsti bilen bildirişler” bendini tapyň.

“SMS-bildirişleri almak” ýazgysyna bellik goýuň we bildirişleri almagyň parametrlerini Size oňaýly gornüşde sazlaň. Siz bildirişleriň we Siziň bildirişlerini aljak ulanyjylaryň yzygiderligini saýlap bilersiňiz.

Nädip aýyrmaly:

“Meniň sazlamalarym” bölüminde “Bildirişler” goşmaca goýlan sahypa geçiň we “SMS üsti bilen bildirişler” bendini tapyň.

Sonra:

1. Diňe gelýän şahsy habarnamalar hakyndaky habar bermäni aýyrmak üçin, “Şahsy habar bermeler” parametri üçin “Hiç hacan habar bermeli däl” belligini goýuň.

2.  Toparlaryň täzelikleri hakyndaky bildirişleri almagy aýyrmak üçin, Siz  “Toparlaryň habarlary” parametriniň garşysynda, mundan beýläk täzeligini almak islemeýän toparyňyzyň adyna basyň we SMS-bildirişleri aýyrmagy tassyklaň.

3. SMS- bildirişler hyzmatyny doly aýyrmak üçin, “SMS-bildirişleri almak” bendinden belligi aýyryň.

Bahasy we beýleki şertler

“SMS-bildirişler” hyzmaty ähli müşderiler üçin mugt berilyär.

Gelen şahsy habarlar hakyndaky bildirişler şu gysga hyzmat belgileriniň birinden gelýär: 1101 — 1109.

SMS-jogaplar

Şahsy habar berme hakynda bildiriş alaňdan soň, Siz  bildiriş gelen belgä jogap hökmünde SMS-habarnamany ugratmak bilen oňa jogap berip bilersiňiz. Şahsy habarnama jogabyň teksti “Meniň habarlarym” bölümündäki degişli gepleşikde ýazylar.

Toparyň täzeligi hakyndaky bildirişi alaňdan soň, Siz oňa jogap hökmünde SMS-bildirişi ugratmak bilen oňa düşündiriş berip bilersiňiz. Toparyň täzeligine jogabyň teksti degişli täzelikde düşündiriş hökmünde ýazylar.

Nädip birikdirmeli/ aýyrmaly

“SMS-jogaplary” ugratmak mümkünçiligini ýapmak mümkünçiligi “SMS-habarlary” hyzmatyny birikdirmek/aýyrmak bilen bir wagtda berilýär

Bahasy

Islendik 1101-1109 gysga hyzmat belgilerine her bir çykyş habarnamanyň bahasy   ähli salgytlary hasaba almak bilen, 8 teňňä deň.

Öz diwaryňda ýazgylary ýerleşdirmek

Siz Aragatnaşykdaky öz diwaryňyzda  islendik teksti 1100 gysga hyzmat belgisine SMS arkaly ugratmak bilen ýerlesdirip bilersiňiz.

Nädip birikdirmeli/aýyrmaly.

Hyzmat ähli müşderiler üçin elýeterlidir we birikdirilmegi talap etmeýär.

Bahasy

1100 gysga hyzmat belgisine her bir çykyş habarnamanyň bahasy   ähli salgytlary hasaba almak bilen, 8 teňňä deň.

boş

Ähli hyzmatlar